ÝAŞ ÇAGANYŇ GARNY NÄMEDEN AGYRÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Täze doglan çaganyň içiniň agyrmagynyň esasy sebäbi içege sanjylarynyň ýüze çykmagy bilen baglydyr. Düzgün bolşy ýaly, bu ýagdaý çaganyň ömrüniň 3-4-nji hepdesinde döräp, bu sanjyly agyrylaryň dowamlylygy ilki 30 minuda deň bolsa, soň olaryň dowamlylygy 2-3 sagada çenli uzalyp bilýändir. Içegeleriň belli bir böleginde ýygrylmalaryň hem-de howanyň artykmaç emele gelmeleriň sebäbi köp dürli bolup biler. Emdirýän enäniň ýellendirýän önümleri iýmegi (sogan, kelem, alma, noýba önümleri), emeli iýmitlenmedäki çaganyň gury süýt garyndylarynyň görnüşiniň çalşylmagy, iýmitlendiriş düzgünleriniň bozulmagy, süýt garyndylary nädogry taýynlamak, emýän wagty çaganyň howany ýuwutmagy içegede döreýän agyrylaryň sebäbi bolup biler. Käwagtlar içege sanjylary çaga bedeninde duş gelýän başga näsazlyklaryň hem alamaty bolup bilerler. Şol sebäpden hem, bu babatda Size gözegçilik edýän çaga lukmany bilen maslahatlaşmak ýerlikli bolar. Täze doglan çagada duş gelip biljek ýene başga ýagdaýlar barada hem doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Täze doglan çaganyň birinji aýynyň kynçylyklary" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.