AŞGAZANY AGYRÝAN ERKEKLER NÄME IÝMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (12 Ses)

Hormatly Abdylla!

Aşgazanyň agyrmagy dürli sebäplere görä ýüze çykyp, bu alamat köplenç gastrit keseli üçin hem mahsusdyr. (Siz hatyňyzda kesel kesgidini anyk görkezmeýärsiňiz). Aşgazan şiresiniň işlenip çykyş mukdaryna baglylykda, iýmitlenme tertibi hem-de önümleri dürli-dürli bolýandyr. Bu babatda has doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Gastrit: sebäpleri, alamatlary, bejergisi we berhizi" atly makala bilen tanyşmaklygyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.