PARAPROKTITDEN EJIR ÇEKÝÄRIN

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Megerem, ýerli keselhanada göni içegäniň ýanyndaky iriňli ojagy arassalama çäreleri geçirilen bolmaly. Paraproktitli iriňli ojagy arassalama operasiýasyndan soň, ýokançlykly zeperlenmä sezewar bolan artbujak mäzi bilen otyrýeriň derisiniň arasynda "ýodajyk" – fistula (swiş) döräp bilýändir. Iriňli ojagy arassalama çäresinden soň, şeýle fistulalar 4-6 hepde aralygy, kähalatlarda birnäçe aýdan ýa-da ýyllardan soň döräp biler. Gynansak hem, sizde dörän fistulany (swiş) diňe hirurgiki bejergi netijesinde aýryp bolýandygyny we hiç hili halk emleriň doly gutulma getirip bilmejekdigini belläsim gelýär. Operatiw bejerginiň esasyny fistula geçelgesini açmak, onuň daşky we içki deşiklerini birleşdirmek hem-de çalt bitişmegi üçin fistulany açyk ýagdaýa getirmek çäreleri düzýändir. Bejergini almak üçin hirurg-proktolog lukmanlaryna ýüz tutuň. Operatiw bejergi Sizi köp ýyllaryň dowamynda köseýän derdiňizden dynmaga kömek eder.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.