DOWAMLY PARAPROKTITDEN EJIR ÇEKÝÄRIN

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Dowamly paraproktit keseliniň geçiş aýratynlygyny, görnüşini, operatiw bejerginiň görnüşini bilmän, Size maslahat bermek kynçylykly bolup durýandyr. Göni içegeden ýumşak dokumalara tarap emele gelen "ýodajyk" (swiş) doly aýrylmadyk ýagdaýynda, keseliň alamatlarynyň gaýtalanmagy ähtimaldyr. Bu barada Size anyk maglumaty hirurg lukman berip biler. Eger bu şeýle bolsa, gaýtadan operatiw bejergini alma zerurlygy döräp bilýändir. Maslahat üçin Size Aşgabat şäher hassahanasynyň ýa-da Iç keseller hassahanasynyň proktologiýa bölümine ýüz tutmaklygy maslahat berýäris.

Şeýle-de, bu keseliň geçişi we bejergi çäreleri baradaky maglumaty berýän makalanyň ýakyn günlerde saýtymyzda peýda boljakdygyny aýdasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.