IÝMIT SIŇDIRIŞ AGZALARYŇ NÄSAZLYGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.17 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň arz edýän alamatlaryňyza esaslanyp, iýmit siňdiriş ulgamynyň utgaşykly bozulmasynyň bardygyny çaklamak bolýar. Megerem, aşgazanyň we öt haltanyň işiniň bozulmalary, iýmit siňdirişi üpjün edýän fermentleriň ýetmezçiligine getiripdir. Şol sebäpden içegelerde hem iýmit siňdiriş bozulyp, täretiň suwuk halda, kadasyz bolmagyna getirendir. Beýle ýagdaýlar aşgazanasty mäziň, aşgazanyň, içegäniň alawlama keselleri üçin mahsusdyr. Hemme güman etmeleri aradan aýryp, dogry kesel kesgidini bellemek üçin, Size gastroenterolog-lukmanyň barlagyndan geçme peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.