ÝÜREK BULANMANYŇ SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.38 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýürek bulanmanyň öňüni almak üçin onuň sebäbini bilmek möhümdir. Köp keseller üçin umumy bolan bu oňaýsyz alamat iýmit siňdiriş ulgamyň keselleri (gastrit, holesistit, gepatit, pankreatit), deňagramlylygy (westibulýar) saklaýan ulgamyň bozulmasy (Menýeriň keseli), gan azlylyk, galkan şekilli mäziň keselleri, nerw ulgamyň şikeslenmeleri, gan basyşyň üýtgemeleri üçin mahsus bolup, degişli keselleriň bejergisi onuň aradan aýrylmagyna ýardam berip biler. Käbir derman serişdeleriň ýaramaz täsiri höküminde hem ýürek bulanma döräp biler. Ýürek bulanmanyň sebäbini anyklamak üçin, ilkinji nobatda maşgala lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.