IÇDÄKI AGYRYLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýürek bulanma alamaty aşgazanyň we öt haltanyň keselleri üçin häsiýetli bolsa, garnyň aşagyndaky agyrylar appendektomiýa operasiýasyndan soň dörän sepleşme (içegara ýa-da içege halkalary bilen garnyň iç ýüzündäki bardanyň arasynda) keseli netijesinde Sizi biynjalyk edip biler. Garnyň köp böleginde agyrylaryň duýulmagy içegeleriň sowuklamagy, onda iýmit siňdirişiň bozulmalary ýa-da agzalan sepleşme hadysasynyň täsiri netijesinde ýüze çykyp bilýändir. Agyrylaryň döreýän anyk çeşmesini anyklamak üçin iýmit-siňdiriş agzalarynyň USB-ny we laborator barlagyny (ganyň biohimiki barlagy, täretiň umumy we bakteriologiki derňewi) geçip, gastroenterolog lukmanynyň maslahatyny almak peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.