AGRAM ALMA KYNÇYLYGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň soragyňyza geçen barlaglaryňyzyň netijesini bilmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredip biler. Siz näçe ýaşyňyzda? Siziň geçiren keselleriňiz barmy? Siziň iýmitiňizde önümleriň haýsy görnüşi agdyklyk edýär?

Siziň belleýän artbujakda duýýan gybyrdyly düýgülaryňyz gurçuklama (gelmintoz) keselinden başga-da, babasil keseli, artbujakda döreýän jaýryklar we artbujagyň gasynlarynyň (kriptalar) alawlama ýagdaýlary üçin hem häsiýetlidir.

Agramyňyzy alyp bilmezlik kynçylygy we işdäsizlik ýagdaýlary iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri we şonuň bilen baglylykda iýmit siňdiriş hadysalarynyň bozulmagy we bu hadysalara gatnaşýan fermentleriň ýetmezçiligi bilen hem düşündirilip bilner. Agram alma kynçylygy nesil yzarlama häsiýetlerine (eger ene-ataňyz ol diýen daýaw bolmasa), bedeniň alyş-çalyş hadysalarynyň geçiş aýratynlyklaryna we olara öz täsirini ýetirýän galkan şekilli mäziň işine hem baglydyr.

Görşümiz ýaly, sizde dörän näsazlyklaryň sebäbini anyklamak üçin goşmaça barlaglary (iýmit siňdiriş agzalaryň USB-gy, endokrinolog we gastroenterolog lukmanlarynyň maslahaty we baş.) geçirmek zerurdyr. Şeýle-de, beden agramyny ýokarlandyrmak çäresi sizden iýmitlenme tertibiniň üýtgedilmegini we sport türgenleşmelerini talap eder. Bu babatda peýdaly maslahatlary almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Beden agramyny nähili ýokarlandyrmaly" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.