AGYZ TURŞAMAGYNYŇ SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.89 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Agyzda turşy tagamyň peýda bolmagy esasan, aşgazanyň keselleri (aşgazan şiresiniň köp işläp çykmagy bilen geçýän gastrit, aşgazan şiresiniň gyzylödege zyňylmagy bilen häsiýetlendirilýän aşgazan-gyzylödek reflýuksy) üçin mahsus alamatdyr. Siz bejergiden soň aşgazan agyrylaryň aýrylandygy barada belläp geçýärsiňiz. Diýmek, aşgazanasty mäziň sowuklamasy bilen bilelikde, aşgazanyň zeperlenmesi hem bolmaly. Siz haýsy barlaglardan geçendigiňizi we olaryň netijelerini doly ýazmaýarsyňyz. Bu alamaty döredýän keseli doly anyklap, kadaly, möwsümleýin bejergi alma we bellenen berhizi tutma, sizi biynjalyk edýän ýagdaýyňyzdan dynmaga kömek edip biler. Iýmit-siňdiriş agzalaryň ýagdaýyny anyklamak üçin gastroezafagoskopiýa barlagyny geçme netijeli bolardy.

Şeýle-de, agyz boşlugynyň keselleriniň (dişiň çüýremegi, diş etiniň alawlama keselleri) hem agzyň turşamagyna getirip bilýändigini belläsim gelýär. Şol sebäpden hem, goşmaça barlaglary geçirip, bar bolan kesel kesgidini aýdyňlaşdyrmak üçin gastroenterolog we stomatolog lukmanlarynyň gözegçiligini geçmek ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.