PEŞEWDÄKI KRISTAL DUZLAR NÄMÄNIŇ ALAMATY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Peşewde başga düýpli üýtgemeler bolmazdan duzlaryň az mukdarynyň duş gelmegi howply alamat däldir. Peşewde duzuň mukdary 1-4 çenli "+" belgi bilen bellenip, 1-2 sany "+" belgisi kadaly hasaplanýar. Köplenç peşewiň çökündisinde oksalat, urat, fosfat duzlary kesgitlenýär. Urat duzlary düzüminde purin esasy bolan önümler (et, balyk, noýba önümleri) ýa-da şokolad, kakao, kömelekler, goýy çaý kabul edilende döräp biler. Oksalatlar düzüminde şawel turşulygy we witamin C bolan önümleri (şawel oty, ysmanak, şugundyr, smorodina, askorbin turşulygy, turşy alma, itburun) köp kabul edilende döräp bilýändir.

Fosfat duzlary fosfora baý önümleri (balyk, balyk işbili, süýt, greçka, turşadylan süýt önümleri) kabul edilende ýüze çykýandyr. Duz çökündileri peşewde kadadan köp mukdarda anyklanylanda köp mukdarda (2 litra çenli) suwuklyk kabul etmek, magniý, sink, witamin A we B toparyň witaminlerini kabul edip, degişli önümleri çäklendirmek maslahat berilýär.

Duz çökündileriň ýüze çykmagy peşewturşy diatezi, podagra, içege kesellerinde, süýji keselinde, peşew çykaryş ulgamynyň kesellerinde, käbir endokrin kesellerinde duş gelip, ol keselleriň dogry bejergisi duzlaryň emele gelmegini aradan aýryp biler.

Hormat bilen, Lukman.