SÜÝJI KESELINE PEÝDALY DERMANMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Gadym zamanlardan buthana gullukçylarynyň agaçlaryň ýaş ýapraklaryndan, derman hasaplanýan otlaryndan we güllerden toplap ýasaýan dermanlyk birleşmeleriniň düzümleri şu günlere çenli ýetirilip gelindi. Dermanlyk birleşmäniň ady hem şundan gelip çykýandyr. Buthananyň ýerleşýän ýerine baglylykda otlaryň düzümi we oňa goşulýan derman otlaryň sanawy hem üýtgedilipdir.

Düzümlerine görä ol çaý düzümleri birnäçe häsiýetli bolupdyr. Olaryň düzümine girýän polifenal birleşmeleri güýçli antioksidant we ganyň lagtalanmagyna garşy täsirli bolsa, polisaharidler duz we suw çalşygyny kadalaşdyrypdyrlar. Olaryň düzümindäki taninler içgeçmä we babasyl keselinde peýdaly bolsalar, aminoturşylyklar bedendäki beloklaryň emele gelmegini sazlapdyrlar. Efir ýaglary bolsa alawlama hadysasyny bejermäge we agyrylara garşy netijeli serişde bolupdyr.

Bu çaýyň esasy häsiýetlerine uglewod çalşygyny kadalaşdyrma, aşgazanasty mäziň işini gowulandyrma we öýjükleriň insuline bolan düýgurlylygyny ýokarlandyrma ýaly häsiýetler hem degişli edilip, ony süýji keselli näsaglara maslahat berýärler. Öndürijileriň bellemegine görä, otlaryň toplumy näsaglaryň umumy ýagdaýynyň gowulaşmagyny, gandaky süýjüniň peselmegini we keseliň gaýraüzülmesiz geçmegini gazanmaga kömek edip bilýär.

Süýji keseliniň dürli görnüşleriniň we geçiş tapgyrlarynyň bardygyny göz öňüne tutup, sizin ýagdaýyňyza baglylykda, islendik derman serişdäni lukmanyňyzyň maslahatyndan soň kabul etmek netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.