DIFFUZLY ZOB KESELI WE FIZIKI IŞJEŇLIK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary bilen ýüze çykýan diffuzly zob keselinde ýüregiň işiniň (çalt urmagy), bedeniň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmagy bolup geçýär. Siz öz soragyňyzda geçiren bejergileriňiz we häzir kabul edýän dermanyňyz (eger bejergi geçirýän bolsaňyz), gyzyklanýan sportuňyzyň görnüşi barada maglumat bermeýärsiňiz. Aslynda diffuzly zob keselinde, esasan hem ýüregiň ýygy urmalary bolan ýagdaýynda sportuň çylşyrymly, köp güýji sarp edýän görnüşleri bilen meşgullanmak maslahat berilmeýär. Derman serişdeleri bilen durnukly ýagdaý gazanylandan soň, suwda ýüzme, basketbol, tennis oýunlary ýaly görnüşleri bilen meşgullanma maslahat berlip biler. Dörän ýagdaý babatda has anyk maslahatlary dine size gözegçilik edýän endokrinolog lukmany berip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.