ZOB

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Zob – galkan şekilli mäziň ulalmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel bolup, bu umumy düşünje mäziň zeperlenmegi bilen geçýän köp kesellerine degişlidir. Galkan şekilli mäziň (GŞM) işiniň üýtgemesine baglylykda zobuň birnäçe görnüşlerini tapawutlandyrylýar: GŞM-iň işiniň peselmegi bilen (ýod ýetmezçilikli ýerlerde duş gelýän endemiki zob), kadaly işiniň saklanmagy bilen (endemiki zobyň başlangyç tapgyry, göwrelilik döwri), mäziň işiniň ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän (GŞM-iň adenomasy, Bazedowa keseli) zob.

Demiňiziň gysmagy bolsa, zobuň ulalyp bokurdagy, traheýany basýanlygynyň alamatydyr. Bu ýagdaýa sesiň gyrylmagy, gury üsgülewük ýaly alamatlar, damakda "bir zat bar ýaly" duýgynyň döremegine getirip biler.

GŞM-iň zoby, onuň işiniň bozulmalaryna baglylykda dürli bejergi usullaryny talap edip biler: mäziň işläp çykarýan gormonlarynyň ýetmezçiliginde olary kabul etmek, mäziň ýokary işjeňliginde gormonlary kadalaşdyryjy serişdeleri (meselem, merkazolin), görkezme boýunça radioaktiw ýody ulanma, hirurgiki bejergi.

GŞM-iň işiniň bozulmalaryny anyklap, zobuň ösmeginiň öňüni almak üçin çäreleri bellemek maksady bilen endokrinolog lukmanyna ýüz turmagyňyzy maslahat berýäris.

GŞM-iň bozulmalarynyň hemme beden agzalaryna (ýürek-damar ulgamy, alyş-çalyş ýagdaýlary, önelgelilik kynçylyklary) täsirini ýetirýänligini belläsimiz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.