GÖZ MAŞHKLARYNY NÄHILI ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Gözlere agram salnanda (kitap okalanda, kompýuter bilen işlenilende) arakesme edip, gözüň ýadawlylygyny aýyrýan ýörite maşklary ýerine ýetirmek peýdalydyr.

Ol maşklar gözüň içindäki suwuklygyň hereketini we gan aýlanşygyny gowulandyrmaga, göz myşsalaryna dynç bermäge kömek edýär.

Ýadan gözlere dynç bermek üçin niýetlenen birnäçe maşklar bilen Sizi tanyşdyrasymyz gelýär:

1. Gözüňizi mäkäm ýumup, uludan demiňizi alyň. Boýnuň, ýüzüň myşsalaryny dartyň. Demiňizi 2-3 sek saklap, gözüňizi giňden açyp, demiňizi goýberiň. Maşky 5 gezek gaýtalaň.

2. Gözüňizi ýumuň. Aýlawly hereketler bilen gaşyňyzyň ýokarsyny we göz hanasynyň aşagyny burundan çekgä tarap owkalaň.

3. Gözüňizi ýumuň. Gaşlaryňyzy gowşadyň. Göz almasyny çepden saga hem-de sagdan çepe aýlaň. 10 gezek gaýtalaň.

4. Eliňiziň uly barmagyny gözüňizden 25-30 sm daşlykda saklaň. Barmagyňyzyň ujyna 3-5 sek seredip, bir gözüňizi 3-5 sek ýapyň. Soň ýene iki gözüňiz bilen seredip, beýleki gözüňizi hem ýumuň. Maşky 10 gezek gaýtalamaly.

Göz saglygyny goramagyň usullary we ýene peýdaly maşklar barada maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "13-nji oktýabr – gözüň görüşini goramagyň Bütündünýä güni" atly makaladan alyp bilersiňiz.

Hormat bilen, Lukman.