GÖZÜME NÄHILI BEJERGI ALMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

 Hormatly okyjy!

Siz öň oftalmolog lukmanynyň maslahatyny aldyňyzmy? Siz äýnek ýa-da linza ulanýarsyňyzmy? Sizde miopiýa hem-de gipermetropiýa pes derejede ýüze çykan bolsa-da, görüşiň bozulmasynyň bu iki görnüşi utgaşanda görüşi  ýokarlandyrmak üçin äýnek ýa-da linza saýlap almak kyn bolýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda ýygnaýjy (linzanyň aşaky bölegi okamak üçin) hem-de dargadyjy (ýokarsy – daşdaky zatlary görmek üçin) linzalardan ybarat bifokal linzalary ulanmak peýdaly bolar. Okamak hem-de daşdan görmek üçin degişli äýnegi ýa-da linzany saýlamak üçin oftalmolog lukmanyna ýüz tutma netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.