ASTIGMATIZM

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Astigmatizm, onuň döreýiş sebäpleri, ýüze çykyş derejesine baglylykda, äýnek saýlama, galtaşykly linzalary geýme hem-de hirurgiki usullary bilen bejerilýär.

Astigmatizmde ýörite silindriki linzaly "çylşyrymly" äýnekler saýlanylýar. Äýnekler we linzalar geýilýän wagtynda göz lukmanynyň gözegçiliginde bolmak hökmandyr, çünki olary özwagtynda  has güýçli ýa-da gowşak görnüşlere çalyşmak zerurlygy ýüze çykyp biler. Äýnekleri hem-de linzalary dakynmak, gözüň görüşini wagtlaýyn kadalaşdyrýan bolsa-da, astigmatizmiň doly bejergisini üpjün edip bilmeýär.

Soňky ýyllarda astigmatizmiň (3,0D çenli) bejergisinde  lazer bilen bejergi çäreleri üstünlikli ulanylyp, olar gowy netijeleri berýär. Wagtynda bejerilmedik astigmatizm görüşiň erbetleşmegine, çaşygözlülige, kellagyrylara, gözde döreýän awuşalamalara getirip biler. Astigmatizmiň derejesine baglylykda degişli bejergi usulyny saýlama ýa-da hirurgiki bejergi üçin görkezmeleri bellemek üçin "Göz keselleri" merkeziniň oftalmolog lukmanlarynyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.