GÖZÜŇ ÝYGY GYRPYLMAGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.00 (4 Ses)

Hormatly Babaguly!

Biziň gözlerimizi del jisimleriň düşmeginden gorap, ony kadaly nemlendirip durmak üçin, gözlerimiz 1 minutda 15-20 gezege çenli gyrpylyp durýandyr. Onuň kadadan has ýygy gyrpylmagy, göz myşsalarynyň aşa ýygrylmagynyň sebäbi bolýan nerw kesellerinde (meselem, Turettiň, Parkinsonyň keselleri, dürli sebäplere görä döreýän damar çekmeler), gözüň buýnuz gatlagynyň şikeslenmelerinde, gözleriň aşa guraklygynda, göz linzalarynyň nädogry ulanylan ýagdaýlarynda ýüze çykyp biler. Şeýle-de, ýadawlylyk we stress ýagdaýlara ýygy sezewar bolmak hem gözüň ýygy gyrpylmalarynyň wagtlaýyn döremeginiň sebäbi bolup biler. Barlaglary geçirip, bu ýagdaýyň düýp sebäbini bilmek üçin oftalmolog we newropatolog lukmanlaryna ýüz tutmak netijeli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.