GULAKDAKY OŇAÝSYZLYKLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Gulakda döreýän şeýle oňaýsyzlyklar gan basyşynyň üýtgemegi, eşidiş nerw süýüminiň zeperlenmegi, kelle çanagynyň şikeslenme ýagdaýlary, eşidiş kanalyny gulak gutysynyň ýapmagy ýa-da gulaga kiçi mör-möjejikleriň düşmegi netijesinde döräp biler. Ondan başga-da, aşaky äň bognunyň käbir şikeslenmeleri hem şeýle duýgularyň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler.

Ýaramaz düýgularyň sebäbini anyklap, degerli bejeriş çärelerini geçirmek üçin gulak-burun-bokurdak lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.