BOKURDAGYM NÄMEDEN AGYRÝARKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.08 (13 Ses)

Nurnazar!

Ýuwdunmada we iýmit iýlende bokurdagyň agyrmagy damagyň sowuklamalarynda (faringit), badam şekilli mäziň sowuklamalarynda (tonzillit), burnuň we ýüzüň boşluklarynyň (sinuslaryň) sowuklamalarynda, bokurdagyň papillomawirus zeperlenmelerinde, gaty iýmit netijesinde bokurdagyň nemli örtüginiň şikeslenmeleri netijesinde ýüze ňykyp biler.

Galkan şekilli mäziň sowuklamasy hem käwagtlar bokurdakda agyry döredip biler.

Gijelerine demiň tutulýan ýaly bolmagy kiçi diljagazyň gowşaklygy bilen düşündirilip biler.

Doly barlag çärelerini geçirip, alamatlaryň sebäbini anyklar ýaly Size maşgala lukmanyna we otorinolaringolog lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.