BURNY GELŞIKILI ETMÄNIŇ MÜMKINÇILIKLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Burun plastikasyna degişli usullaryň operasiýasyz geçirilýän görnüşleri dine uly bolmadyk anatomiki kemçilikleri aradan aýyrmaga kömek berýär. Burnuň plasikasyny geçirmek maksady bilen ýüz tutan adamlaryň dine 5-7%-de, bar bolan kemçilikleri operasiýasyz usul bilen aýryp bolýandyr.

2000-nji ýyldan bäri lukmanlar operasiýasyz usulyň bir görnüşini – ýörite serişdeleri – fillerleri ulanmagy ýola goýdular. Olaryň kömegi bilen burnuň ujyny tegeleme we galdyrma, burun ýelkenleriniň görnüşini gowulandyrma, burnuň arkasyny düzleme ýaly plastiki çäreleri geçirip bolýandyr. Şeýle çäreden soň dikeldiş döwri hem ýeňil geçip, beýle usulyň bahasy hem arzan bolýar. Ýöne bu serişdeleri ulanmadan soň, alnan netijäniň, ýagny täze görnüşli burnyň birnäçe aýdan 1,5 ýyla benli saklanýandygyny bellemelidir. Ol bolsa bu serişdeleriň wagtyň geçmegi bilen "sorulyp gidýändigi" bilen düşündirilýär. Elbetde, usulyň netijeliligi serişdäniň hiline hem köp derejede bagly bolup durýandyr. Käbir ýagdaýlarda, serişdäniň göýberilen ýerinde gaty birleşdiriji dokuma emele gelip we burnuň islenen görnüşini saklap, operasiýany gaýtadan geçirme zerurlygyny aradan aýryp bilýändir. Göýberilen serişdäniň başga ýere ýaýrap gitme häsiýetiniň bardygyny hem göz öňüne tutmalydyr.

Ýörite gormon serişdeleriniň kömegi bilen hem uly bolmadyk kemçilikleri aradan aýryp bolýandyr. Onuň üçin gormon serişdäni görnüşiniň üýtgedilmegi islenilýän ýerlere deň derejede göýberme zerurdyr. Köplenç halatlarda serişde birnäçe tapgyrda göýberilýär.

Ýörite sapaklaryň kömegi bilen burnuň ujyny galdyrma ýa-da burnuň ýelkenlerini kiçeltme çärelerini geçirip bolýandyr. Onuň üçin sapaklary deşikleriň kömegi bilen geçirip hem-de gerek ugurda çekip, islenilýän burnuň görnüşini gazanyp bolýandyr. Ýöne bu usul sapaklaryň üzülip bilme we olaryň salnan ýerinde gödek tyg yzlarynyň galyp bilme howpunyň bardygy sebäpli hirurglar tarapyndan çäkli ulanylýandyr.

Burun plastikasy babatda gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap tapyp, lukmanyň maslahatyny almak üçin S. Niýazow adyndaky Bejeriş we maslahat beriş hassahanasynyň plastiki hirurgiýa bölümine ýüz tutup bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.