AGYZ BOŞLUGYNDAKY GANJYMYK SUW NÄMEDEN DÖREÝÄRKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Agyzda tüýküligiň ýygnanyp, onuň häsiýetiniň üýtgemegi diş etiniň sowuklamasynda, paradontoz keselinde, C witaminiň ýetmezçiliginde, tüýkülik mäzleriniň sowuklama ýagdaýlarynda ýa-da täze döremelerinde, gaplanan dişleriň çüýräp, kökleriniň zeperlenmelerinde ýüze çykyp biler.

Çilimiň diş etiniň kesellerini beterleşdirýändigini hem bellemelidir (diş etiniň agyrmagy, "gamaşyp" durmagy, ganamagy, ýaramaz yz).

Köp çilim çekýän adamlaryň ýokarky dem alyş ýollarynda nemiň ýygnanmagy hem sary nem görnüşde gakylygyň gelmegini döredip biler.

Sizde irden ardynjyrama, üsgürme bolýarmy? Siziň ýagdaýyňyzy kesgitlemek üçin diş lukmanynyň we otolaringolog lukmanynyň maslahatyny almak gerek bolar.

Hormat bilen, Lukman.