GEÇIRILEN KESAREWO KESIMI OPERASIÝASYNDAN SOŇ ÖZBAŞDAK ÇAGA DOGRUP BOLÝARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.55 (11 Ses)

kesarewo kesimiHäzirki wagtda dünýä derejesinde ilkinji geçirlen kesarewo kesimi operasiýasyndan soň özbaşdak dogrumlaryň sany köpelýär we bu ýagdaýa adatdan daşary hadysa ýaly seredilmeýär. Günbatar alymlary ýatgysynda tyg yzy bolan göwrelileriň 60%-den 80%-ne çenlisiniň öz we çagasynyň saglygyna howp salmazdan özbaşdak dogrup biljekdiklerini subut etdiler. Russiýada häzirki wagtda ýatgyda tyg yzly göwrelileriň 30%-iň dogrumy tebigy ýol bilen geçirildi.

Köşeşdiriji sanlara seretmezden, kesarewo kesimi geçiren aýallar üçin dogrum usulyny saýlamak ol diýen aňsat däldir. Bu lukman üçin jogapkärli çözgüt bolup, hemme bar bolan maglumatlary ölçermegi talap edýändir.

Birinji geçirlen kesarewo operasiýasynyň sebäbini anyklama wajypdyr. Eger ol sebäp diňe şol göwrelilige degişli edilip (meselem, çaga ýoldaşynyň ýatgynyň boýunjygyny ýapmagy, ekiz çaga, çaganyň çanaklaýyn gelmegi), indiki göwrelilikde gaýtalanmasa, elbetde lukman dogrumy tebigy ýol bilen alyp barma barada pikir edip biler. Eger birinji geçirlen operasiýa üçin görkezme saklanyp galan bolsa (meselem, aýalda bar bolan dar çanaklyk, gözüň ýokary derejeli miopiýasy, ýürek-damar ulgamyň we böwrekleriň ötüşen tapgyrdaky keselleri), onda operatiw ýoly bilen dogurma aýal üçin howpsuz bolardy.

Biziň akuşer-ginekolog lukmanlarymyz kesarewo kesimden soň özbaşdak dogruma goýberme ýagdaýyna seresaplylyk bilen çemeleşýärler we olaryň köpüsi "Bir gezek kesarewo – hemişe kesarewo" diýen düşünjä uýýarlar. Bu meselede göwrelilige degişli ençeme ýagdaýlary nazara almaly bolýar:

↺ Kesarewo kesimi birinji gezek geçirlen bolmalydyr we indiki göwrelilik bilen wagt araçägi 3 ýyldan az we 10 ýyldan uzak bolmaly däldir;

↺ Ýatgyda kesim öň keseligine (gorizontal) geçirilen bolmalydyr;

↺ Çaganyň ýoldaşy ýatgyda ýokarda, has gowusy yzky diwarda ýerleşmeli;

↺ Çaga kellesi bilen aşak ýerleşen bolmaly we onuň agramy uly bolmaly däldir;

↺ USB-da ýatgydaky tikin yzy durnukly bolmalydyr (galyňlygy 3 mm. ýuka däl we ol esasan myşsa süýümlerinden ybarat bolmaly).

Kesarewo operasiýasyndan soň özbaşdak dogruma göýbermeklikden boýun gaçyrmanyň esasy sebäbi – bolup biljek ýatgynyň ýyrtylmagydyr. Dünýä edebiýatynda bar bolan maglumatlara görä, ýatgyda keseligine geçirlen kesimde ýatgynyň ýyrtylma howpy 0,2% ýagdaýlary düzüp bilýändir. Oňa degişlilikde, dogrumy üstünlikli gutarma töwekgelçiligi 99,8%-i düzýändir. Özbaşdak dogruma göýberlen göwrelini şol howply 0,2%-e düşürme gorkusy hem lukmanlary köplenç operatiw usuly saýlamaga mejbur edýär.

Görşümiz ýaly, birinji geçirlen kesarewo operasiýasyndan soň özbaşdak dogruma göýberme soragynda belli bir bar bolan düzgünlere çemeleşme mümkin däldir. Bu meselede göwreliniň we çaganyň ýagdaýy, dogrumy alyp barjak lukmanyň tejribeliligi, dogrumyň geçirilýän lukmançylyk edarasynyň derejesi nazara alynmalydyr.

Adatça lukmanlar kesarewo operasiýasyny üç gezekden köp geçirmezligi maslahat berýärler. Sebäbi her operasiýa ýatgynyň diwaryny şikeslendirýär we ýukaldýar, çanaklykda şepleşme hadysasyny köpeldýär. Eger siz üçünji kesarewo kesimi operasiýasyny meýilleşdirýän bolsaňyz, öňünden hirurg bilen maslahatlaşyp ýatgynyň turbalaryny daňdyryň. Şuňa göwreliligiň öňüni almagyň hirurgiki usuly diýilýar. Bu usul sizi islenilmedik göwrelilikden we ýatgyda geçirilip bilinjek operasiýanyň täsirinden gorar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.