KISTA GELEJEKDE-DE ÖSMESINI DOWAM EDERMIKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň gürrüň berşiňize görä, gyzyň ýatgysynda (ýa-da ýumurtgalyklarynda hem) sowuklama ýagdaýy, ýumurtgalyklarynda hem kista bar.

Siz 4-5 aý haýsy bejergileri alandygyňyz barada maglumat bermeýärsiňiz. Ýumurtgalykda kistanyň döränligini USB görkezdimi? Bejergiden soň onuň ölçegleri ilkibaşkydan kiçeldimi?   

Kistalar öz döreýşi, gurluşy boýunça dürli-dürli bolup, olar hem aýbaşynyň bozulmalaryna, agyrylara, gan akmalara getirip biler.

Gaýtadan bu ýagdaýlaryň sebäbini anyklap, bejergi bellemek üçin näsaga aýallar lukmanyna ýüz tutup, aýal jyns agzalarynyň USB-ny geçmek, jyns ýollaryndan bölünip çykmalaryň bakteriologiki barlagyny, ganyň jyns gormonlaryna barlagyny geçirmek gerekdir.

Bedeniň endokrin mäzlerinde başga näsazlyklary anyklamak üçin endokrinolog lukmanyň maslahaty hem wajypdyr. Alnan netijelere görä, lukman sowuklama garşy bejergi tapgyryny we zerur bolan ýagdaýynda aýallyk gormon serişdeleri bilen (kistanyň görnüşine görä, anyk görkezme bolanda) bejergi berer.

Eger kista has ulalyp, aýbaşy bozulmalaryna getirýän bolsa, ony hirurgiki usul bilen aýyrmak dogry bolar. Bu operatiw bejergi gyzyň bedenine hiç hili ýaramaz täsirini ýetirmeýär.

Kistalaryň aýal önelgesizliginiň sebäbi bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Operasiýadan soň bedende dörän gormonal bozulmalaryny doly bejermek üçin, gyz-aýal lukmanyň gözegçiliginde bolup, ýene käbir barlaglardan geçmeli bolar.

Hormat bilen, Lukman.