ABORT ZYÝANLYMYKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.45 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýalyň başdan geçirýän köpsanly abortlary aýal bedenine, esasan hem endokrin ulgamyna uly zarba uryp, gormonal deňagramlylygyň bozulmagyna  sebäp bolup biler. Gormonal bozulmalar, jyns agzalaryň alawlama hadysalary, ýatgynyň içinde döreýän sepleşme ýagdaýlary, ýatgynyň boýunjygynyň gowşap, indiki göwreliligi saklap bilmezlik ýagdaýy abortlar netijesinde döreýän gaýraüzülmelerdir. Eger siz göwreliligi meýilleşdirýän bolsaňyz, ondan öň barlagdan geçiň. Şeýle-de dörän sorag babatda has doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen  "Eje jan, meni halas et!" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.