SPIRAL ULANMA ZYÝANLYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýatga serişde (spiral) goýmak çäresi belli düzgünler we görkezmeler berjaý edilende, beden üçin zyýansyzdyr. Elbetde, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň hersine hem mahsus bolşy ýaly, spiral ulanmak netijesinde hem birnäçe wagtlaýyn döreýän amatsyzlyklara duş gelme mümkindir. Ýatga spiral goýlandan soň 1-2 gün gasygyň agyrmagy, 4-5 gün gan gatyşykly çyrşagyň bolmagy, birinji aýbaşynyň biraz uzak gelmegi garaşylýan alamatlar höküminde kabul edilip bilner. Seýrek ýagdaýlarda spiralyň süýşmegi (ekspulsiýa) hem bolup biler. Ýatga spiral goýdurmazdan öň ginekolog lukmanyň maslahatyny almak zerurdyr. Ýatga goýulýan spiral we başga goranyş usullary barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri (kontrasepsiýa) barada näme bilmeli?" atly makala bilen tanyşmaklygy Size maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.