PEŞEW SAKLAMA KYNÇYLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýal maşgalanyň pesewi saklap bilmezligi dürli sebäplere görä ýüze çykyp, barlag geçirmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredip biler. Şeýle ýagdaýa peşew ýollaryň alawlama ýagdaýy (peşew haltanyň sowuklamagy), peşew haltanyň agzyny büzüji myşsasynyň gowşaklygy, dogrumdan soňky şikeslenmeler, jyns agzalaryň aşak düşmegi ýaly sebäpler getirip biler. Aýbaşydan galma döwründe hem, gormonal üýtgeşmeleriň täsiri bilen pesewi saklamada kynçylyk döräp bilýändir. Dörän bozulmanyň sebäbini anyklamak üçin urolog we ginekolog lukmanlaryň maslahatyny almak netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.