ÇAGA EMDIRILÝÄN DÖWRÜŇ KYNÇYLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwüsleriň emzikleriniň ýarylmagy köp halatlarda çaganyň ony nädogry almasy (çaga emzigi onuň töweregi bilen agzyna almaly) we süýt mäzleriniň spirt saklaýjy serişdeler bilen işlenmegi netijesinde döreýär. Emzikleriň ýaryklary agyryly awuşamalary döredip, jaýryklar ýokançlyklar üçin "girelge gapysy" bolup biler. Bu ýagdaý bolsa süýt mäzleriniň sowuklama keselini (mastit) döredip bilýändir. Emzikleriň jaýrylmagy dörän wagty göwüsleri gezekleşdirip, çagany ýygy-ýygy, talaba görä emdirme maslahat berilýär. Şeýle edilende çaga gaty ajygyp ýetişmeýär we uzak emip, şikeslenen emziklere agram salmaýar.

Emzikdäki jaýryklaryň çalt bitmegi üçin iň peýdaly derman-ene süýdüniň özi bolup durýandyr. Emdireniňizden soň, süýdüňiziň birnäçe damjasyny göwüsleriňiziň ujuna çalyň we biraz açyk saklap, howada guradyň. Ene süýdi witaminlere, beloga baý, peýdaly tebigy gymmatlyk bolup durýandyr.

Ondan başga-da, emzikleriň jaýryklarynyň bitmegi üçin çaga emdirýän döwrüňiz lanolin ýagyny saklaýan Purelen serişdesini, pantenol saklaýan Bepanten ýagyny ulanmagy maslahat berip bolar. Şeýle-de, emzikdäki ýaralar bitýänçä, göwüsleriň ujuna ýukajyk, tor görnüşli silikondan edilen goraýjy serişdeleri goýup emdirme maslahat berilýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.