ŞOWLULYGA GETIRJEK ÇÄRELER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (13 Ses)

Hormatly okyjy!

Barlag çärelerini geçirmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredip biler. USB-gy netijesinde jyns agzalarynyň ýagdaýyny kesgitleme, aýal öýjükleriniň emele geliş häsiýetini, jyns gormonlarynyň we prolaktin gormonynyň derejesini, bedendäki alamatsyz geçýän ýokançlyklaryň görnüşlerini anyklama ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga kömek edip, sizi indiki göwreliligiň oňaýly we üstünlikli geçmegine taýynlamaga ýardam berer. Size ginekolog we maşgala lukmanynyň, görkezme bilen endokrinolog lukmanynyň barlaglaryny geçmek we degişli bejergisini almak zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.