OGLAN ÝA-DA GYZY "ÝASAMAGYŇ" USULY BARMYKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (24 Ses)

Hormatly okyjy!

Halk arasynda oglan ýa-da gyz çaga "ýasamagyň" köp usullary belli bolup, olaryň käbirine biologiki ylmyň jähtinden düşündiriş berip bolsa, başgalaryny düşündirmek kyn mesele bolup durýandyr.

Şol usullaryň biri jynsy gatnaşygyň geçirilýän gününe esaslanandyr. Aýal jyns öýjüginiň emele gelýän (owulýasiýa) wagtynda jynsy gatnaşygy geçirmek oglanjygyň, şol günden 4-5 gün öň geçirmek bolsa gyzjagazyň dogmak mümkinçiligini ýokarlandyrýandyr. Bu ýagdaýa ylmy taýdan düşündiriş berip bolýandyr: belli bolşy ýaly aýalda hem erkekde hem dogjak çaganyň jynsyny kesgitleýän iki jübüt hromosoma bardyr – aýalda iki X-hromosoma, erkekde-X we Y-hromosoma.

X-hromosomaly erkek öýjükleri (spermatozoidler) gyzjagazyň emele gelmeginde jogapkärdir we olar "Y" hromosomly spermatozoidlere seredeniňde ol diýen "çakgan" däldirler. Ýöne ol öýjükler uzak ýaşamaga ukyplydyrlar. Şol sebäpden hem,owulýasiýa wagty düşen Y-hromosomly jyns öýjükleri has dogumly bolup oglanjyk "ýasalýar", şol döwürden birnäçe gün öň düşen, ýöne uzak ýaşaýan X-hromosomly öýjükler gyzjagazy emele getirip bilerler.

Halk arasynda ýaýran ýene bir ýörgünli usul, bedeniň gan çalşygynyň ýygylygyna esaslanýandyr.

Bu usulda aýallarda ganyň her 3 ýyldan, erkeklerde bolsa her 4 ýyldan çalşylýandygy göz öňüne tutulyp, çaga ediljek döwürde kimiň (enesiniňki ýa-da atasynyň) gany has täze bolsa, şol jynsly çaganyň hem emele geljekdigini belleýärler.

Köp jübütler hytaý we ýapon kalendarlaryna hem ynanýandyrlar. Bu usul enäniň ýaşyna, onuň doglan aýynyň tertip sanyna we çagany "ýasamagy" meýilleşdirýän aýyňyzyň tertip sanynyň jeminden alnan görkezijä esaslanandyr.

Eger jübüt san çyksa gyzjagaz, täk san çyksa oglanjygyň dogulmak ähtimallygy bardyr.

Ondan başga-da, çaga etmezden 3-4 hepde öň aýalyň öz iýmitine üns bermelidigini hem ündeýän maslahatlar berilýär. Oglanjyk isleýänlere köpräk et, balyk, ýer almasyny, duzly önümleri, banan, guradylan miweleri, gyzjagazy arzuw edýänlere bolsa, ýumurtga, maňyzlar, şokolad, bal, ir-iýmişleri, konditer önümleri kabul etmek ündelýär.

Agzalan usullaryň hiç biri hem takyk, islenilýän netijäni berip biler diýip aýdyp bolmaz. Eger 9 aýdan soň islenilýän oglanjygyň ýerine, gurjak ýaly gyzjagaz dogulsa, lapyňyzy keç etmäň. Maşgala üçin esasy zat sagdyn we bagtyýar nesildir!

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.