ÖNELGESIZLIGI NÄDIP BEJERMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.92 (12 Ses)

Hormatly okyjy!

Aspermiýa (ýa-da azoospermiýa) – dölde erkeklik jyns öýjükleriniň (spermotazoisleriň) bolmazlyk ýagdaýydyr.

Ol ýagdaý iki sebäbe görä ýüze çykyp biler:

Önelgesizligiň sebäbini anyklamak üçin spermogramma (Siz bu barlagy geçipsiňiz), jyns agzalaryň USB-ny, erkeklik jyns mäziniň göni içege arkaly geçirilýän USB-ny, ýumurtgajygyň biopsiýasyny almak, genetiki we ganyň gormonal barlaglaryny geçirmek netijeli bolup biler.

Bejergi anyklanylan sebäbe görä, derman serişdeleri bilen (antibiotikler, jyns öýjükleriniň emele gelşini tijendiriji serişdeler, jyns agzalarda sepleşme ýagdaýyny aýyrýan serişdeler), fizioemleri ýa-da tohum geçirijileri dikeltmek üçin edilýän hirurgiki operasiýalar arkaly geçirilip bilner.

Bejergi başa barmadyk ýagdaýynda bedenden daşary tohumlandyrma (EKO) usullarynyň dürli görnüşleri maslahat berlip biler. Has giňişleýin anyklaýyş çärelerini geçmek üçin Size urolog, androlog lukmanlaryna ýene bir gezek ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.