SÜÝDÜM NÄME ÜÇIN KESILÝÄRKÄ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Çagasyny emdirýän aýallaryň diňe 5%-de süýdüniň azalyp kesilmegi saglyk ýagdaýy sebäpli (genetiki bozulmalar ýa-da düýpli endokrin bozulmalary) bolup geçýändir. Galan ýagdaýlarda ol aradan aýryp boljak sebäpler arkaly ýüze çykyp biler:

Ondan başga-da, kadaly emdirme dowam edip duran wagty hem, süýdüň birden azalmagy ýüze çykyp, ol ýagdaýa "emdirme krizi" diýilýär. Bu ýagdaý, enäniň bedeniniň ösüp barýan çaganyň talaplaryna uýgunlaşyp ýetişmeýänligi bilen düşündirilýär. Emdirme krizleri çaganyň ömrüniň 3, 4, 7, 8 aýlarynda ýüze çykyp, ol 3-4 gün dowam edýär.

Bu döwürde enäniň çagasyny ýygy-ýygy emdirmegi, süýdüň azalmagynyň öňüni alyp, emdirmäniň kadalaşmagyna kömek edýär. Emdirýän ene süýdüni şu maksat üçin iýmit önümçiliginiň öndürýän "Femilak", "Enfd-mama", "Olimpik" belokly we witaminli garyndylaryň, käşirden, ukropdan, fenhel, tozgadan, buýandan, çeňňeli, melis, itburundan taýynlanan gaýnatmalaryň, witamin-mineral garyndyly serişdeleriň we "Apilaktin", "Apilak", "Laktogen" ýaly biologiki işjeň goşundylaryň kömegi bilen köpeldip biler.

Esasy zat Siziň ene süýdi bilen çagaňyzy emdirjekdigiňize bolan ynamyňyzyň mizemezligindedir. Emdirme bilen bagly kynçylyk ýüze çykanda Size peýdaly maslahatlar bilen maşgala lukmanyňyz hem kömek edip biler. Bu babatda Size Eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýyş merkezleriň ene süýdi bilen iýmitlendirme boýunça hünärmen lukmanlary hem degerli maslahatlary berip bilerler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.