ÇAGALARYŇ ARASYNDAKY ÝYGYLYK NÄÇERÄK BOLSA GOWY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Lukmanlaryň bellemegine görä, çaga dogrumlaryň arasynyň 2-2,5 ýyl bolmagy aýal bedeniniň öňki dogrumdan soň doly dikelip ýetişmegine ýardam berýär.

Operatiw dogrumdan (Kesarewo kesimi) soň, ginekolog lukmanlar 3 ýyl göwrelilikden goranmagy maslahat berýärler. Ýöne çaga dogrumlaryň arasyny 5 ýyldan uzaga gijikdirmek hem aýal bedeninde "durgunlylyk" ýagdaýynyň emele gelip, hemme üýtgemelere täzeden "kynlyk bilen öwrenişme" kynçylygyny ýüze çykaryp biler.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.