GÖWRELILIK DÖWRÜNDE WAGTYNDAN ÖŇ ÇAGA DÜŞMEGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň aýalyňyz göwreliligiň başynda ony tassyklamak üçin ultrases barlagyny geçdimi? Soňundan aýalyňyzyň çagasy düşende Siz lukmana ýüz tutduňyzmy? Iki aýlyk düwünçegiň düşenligini lukmanlar anykladymy? Siziň beýan edýän maglumatlaryňyza görä pikir ýöretseň, dörän ýagdaýyň iki hili düşündirişiniň bolup biljekdigini aýdyp bolýar: aýalyňyzyň aýbaşy halkasynyň bozulmagy sebäpli, onuň saklanmagy bolup geçipdir ýa-da göwredäki çaga 2 aýlyk wagty ösüşden galypdyr (onuň ýaly bolsa geçirilen ultrases barlagy bu ýagdaýy anyklardy).

Kadaly gözegçiligi geçirmezden we özwagtynda bozulmalary anyklamazdan, beýle ýagdaýlara düşündiriş bermek kyn bolýar.

Lapyňyzy keç etmäň. Aýalyňyza degişli barlaglary (ganyň ýokançlyklaryna, gormonlara barlagy, endokrinolog lukmanyň maslahaty we başgalar) geçip, sagdyn göwreliligi meýilleşdirmek üçin ginekolog lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris. Şonuň ýaly-da, bu ýagdaýlaryň döremegine kadaly jynsy gatnaşyklaryň bolmazlygynyň hiç hili täsir edip bilmejekdigini aýdasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.