Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÖWRELILIK
Hormatly okyjy!
Göwreliligiň 9-njy aýy öz içine 33-36 akuşer hepdeleri alyp , 34-35 hepdä çenli gasykda hem-de bilde ýüze çykýan agyrylar wagtyndan öň dogma howpunyň alamatlary bolup bilýändir. Şeýle ýagdaýlarda lukmanyň gözegçiliginden soň, degişli serişdeleri ulanmak dogry bolar. 9-njy aýyň soňunda döreýän gasykdaky agyrylar çaga dogrumyna taýynlaýjy burgular bolup, olar kem-kemden kadaly dogrum güýçlerine geçip biler. Çaga olar hiç hili zyýan ýetirip bilmeýär. Ýöne agyrylaryň güýjemegi, çaganyň ýan suwlarynyň wagtyndan öň gelmegi, jynshanadan ganly , iriňli bölünip çykmalar lukmana gyssagly ýagdaýda ýüz tutmak üçin görkezme bolup durýandyr.
Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.
- 10386 gezek okalan