ÝUMURTGA ÖÝJÜGINIŇ AÝRATYNLYGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.63 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýal we erkek fiziologiýasy özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýandyr. Ýetişen aýal öýjükleriniň ýümurtgalykdan çykyp, ýatgy turbajyklarynyň ösüntgileri tarapyndan "gapyp alynmagy" hem-de turbajyklaryň içine düşürilmegi aýbaşy halkasynyň (esasan onuň ortasynda) belli günlerinde bolup geçýändir. Şol günler hem göwreliligiň emele gelmegi üçin ýaramly fiziologiki günler bolup, jynsy öýjükleriň birleşmegi netijesinde çaga düwünçegi ýatgy turbajyklaryň içinde emele gelýändir. Göwreliligiň bolmadyk ýagdaýynda, aýal öýjügi "ölýändir" (ol ortaça 24-48 sagat ýaşaýar) we onuň çykan düwme görnüşli emele gelmesi (follikul) üýtgemelerden söň "ýitip gidip", ýatgyda aýbaşy gelmegini üpjün edýän hadysalar başlanýandyr. Bu fiziologiki hadysalaryň hemmesi çylşyrymly endokrin üýtgemeler arkaly amala aşyrylyp, aýalyň seksual isleginiň ýa-da gyjynmasynyň döremegi, aýal öýjükleriniň emele gelmegine täsir edip bilýän däldir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.