AÝBAŞY BOZULMASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (14 Ses)

Hormatly Aýläle!

Aýbaşy halkasy iki sany bölekden ybarat bolup, onuň birinji ýarymynda ýatgynyň nemli örtüginde mäzleriň ösüş hadysalary agdyklyk etse, ikinji ýarymynda ösen mäzjagazlaryň "bişişmegi" we aýbaşa taýynlanma dowry başlanýandyr. USB-gy Sizde aýbaşynyň ikinji ýarymynyň, ýagny bu hadysalary geçirýän progesteron gormonynyň ýetmezçiligini beýan edipdir. Elbetde, size jynsy gormonlaryň derejesini kesgitlemek we endokrin ulgamyň başga näsazlyklaryny aýdyňlaşdyrmak üçin ginekolog lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolardy. Lukman Size barlagdan soň, progestinleri saklaýan (progesteron, dýufaston, uterožestan, norkolut we baş.) derman serişdeleri bilen tapgyrlaýyn bejergini bellär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.