ABORTDAN SOŇ ÇAGA GALARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.15 (13 Ses)

Hormatly okyjy!

Aýrylan göwreliligiň möhletine we abortyň geçiş aýratynlyklaryna baglylykda, bolup biljek gaýraüzülmeler (jyns agzalaryň alawlama keselleri, endokrin ulgamyň işiniň bozulmalary, ýatgynyň içinde sepleşmeleriň emele gelmegi) ýüze çykmadyk ýagdaýynda, soňky göwrelilikleriň bolmagyna päsgelçilik döräp bilmez. Hut şol sebäpden, geçirilen abortdan soň lukmanyň maslahatyny alyp, önelgelilik ulgamynyň işini dikeltmek üçin çäreleri geçirmegiň zerurlygy döreýär. Elbetde, göwreliligiň emeli aýrylmagynyň, aýalyň endokrin ulgamyna belli bir derejede "zarba urýandygyny" nazara alyp, özwagtynda göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmagyň ýerlikli we howpsuzdygyny belläsim gelýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.