GÖWRELILIK WE BÖWREKDÄKI AGYRYLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilik döwründe böwrek tarapdan ýüze çykýan näsazlyklaryň sebäbini bilmän anyk maslahat bermek kynçylyk döredýär. Bu döwürde Sizde bar bolan böwregiň dowamly keselleriniň beterleşmegi ýa-da göwrelilik döwründe döreýän böwregiň sowuklamasynyň (piýelonefrit), böwregiň giňelmesiniň (gidronefroz) döremegi ähtimaldyr. Anyk bejergi çärelerini bellemek üçin anyklaýyş çäreleriniň toplumyny (peşewiň umumy we Neçiporenko boýunça barlagy, peşewiň bakteriologiki barlagy, böwregiň USB-ny) geçirme zerurdyr. Wagtynda bejerilmedik peşew çykaryş ulgamynyň keselleriniň, göwreliligiň üçünji ýarymynda giçki gestozlara getirip biljekdigini belläp, barlag üçin nefrolog we ginekolog lukmanyňyza ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.