GÖWRELI BOLUP BILMEZLIK KYNÇYLYGY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.93 (55 Ses)

Hormatly Perhat!

Önelgesizlik kynçylygy babatda barlag geçirme önelgelilik ulgamyny hemmetaraplaýyn barlama çärelerini öz içine alýandyr. Sowuklama hadysasynyň bejerilendigine göz ýetirilen bolup, gerekli netije alynmadyk bolsa barlag çärelerini dowam etmek ýerlikli bolar. Barlag lukmanyňyzyň bellän görkezmeleri boýunça gelniňiziň endokrin ulgamynyň ýagdaýyny anyklamak (jyns gormonlaryna barlag, galkan şekilli mäziň işjeňligini anyklamak), ýumurtgalyklarda aýal öýjükleriniň emele gelşini kesgitlemek ýaly çäreleri öz içine alyp biler. Önelgesizlik meselelerinde erkek adamynyň önelgelilik ulgamy hem (jyns agzalaryň USB-gy, dölüň hil we mukdar taýdan görkezijileri we başgalar) barlanylýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.