ÝETGINJEKLIK DÖWRI WE GORAGLYLYK SERIŞDELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýetginjeklik döwründe jyns gatnaşyklary başlama iki tarapdan hem uly jogapkärçiligi we taýýarlygy talap edýändir. Çünki bu meselä geleňsiz çemeleşmäniň dürli kynçylyklara getirip (jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keseller, islenilmedik göwrelilik we başgalar), geljekde jynsy gatnaşyklary we maşgala gurma meselelerine degişli düşünjeleriniň ýoýulmagyna getirip biler.

Ýetginjeklik döwründe göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri höküminde prezerwatiwleri we utgaşdyrylan aýal gormonlarynyň gerdejiklerini maslahat berip bolar. Gormonal serişdeleriniň ilkibaşda ginekolog lukmany tarapyndan saýlanylmalydygyny we olary belli tertipde kadaly kabul etmegiň möhümdigini belläsim gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.