HAÝSY MÖHLETDE DOGURMAK HOWPSUZ?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.28 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Enesiniň içinde ösýän çaga 36 hepdeden (doly dokuz aý) soňky möhletde doly kemala gelen we daşky gurşawyň şertlerine uýgunlaşmaga ukyply hasaplanýar. Ondan irki hemme möhletlerde hem çaganyň dogulmagy wagtyndan öň hasaplanyp, dürli kynçylyklaryň (nerw ulgamyň näsazlyklary, dem alyş kynçylyklary, ýokançlyklara garşy durmanyň gowşaklygy we başgalar) döremegine getirip biler. Şol sebäpli hem, wagtyndan öň dogma howpunyň alamatlary ýüze çykanda (garynda agyrylar, jynshanadan gan gelme) tizden-tiz bejergini geçirme möhüm bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.