GÖWRELILIK WE JYNSY GATNAŞYKLAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.56 (16 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilik döwründe erkeklik dölüniň däl-de, jynsy gatnaşyklaryň edýän täsiri barada aýtma dogry bolsa gerek. Lukman tarapdan aýratyn görkezmeler bolmadyk ýagdaýynda, göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklary geçirme göwreli aýalda adamsyna bolan emosional ýakynlylyk döredip, göwreli ýatgynyň gan aýlanşygynyň gowulaşmagyna getirýär. Göwreliligiň birinji 12 hepdesi, düwünçegiň düşme howpy, çörekçäniň gyralaýyn ýa-da aşakda ýerleşmegi ýaly ýagdaýlar jynsy gatnaşyklardan saklanmak üçin görkezme bolup durýandyr.

Siziň ýagdaýyňyzda hem, göwreliligiň emeli tohumlandyrma netijesinde emele gelendigini göz öňüne tutup, jynsy gatnaşyklaryny geçirme babatda gözegçilik edýän lukmanyň maslahatyny alma dogry bolardy.

Bu sorag babatynda doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwrelilik we jynsy gatnaşyklar" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.