GINIPRAL DERMANY BARADA MAGLUMAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Ginipral (Dinipral serişdesi barada bizde maglumat ýok) göwreliligiň üçünji ýarymynda wagtyndan öň dogma howpy dörände, ýatgynyň kadasyz (diskoordinirlenen) ýygrylmalarynda, çagada dörän ýiti kislorod ýetmezçilikli ýagdaýlarynda akuşerçilik kömeginde giňden ulanylýar. Serişdäni görkezme boýunça wena damaryna göýberýärler hem-de gerdejik görnüşde hem kabul edýärler.

Ginipral damardan göýberilende, serişdäniň 2 ampulasyny (hersi 25 mkg) 5%-li glýukozanyň 500 ml. mukdaryna goşulyp, minutda 25 damja göýberme tizlikde amala aşyrylýar. Görkezme boýunça göýberiş tizligi 1 minutda 10 damjadan 60 damja barabar bolup bilýändir.

Gerdejik görnüşleri, serişdäni damardan göýberme tamamlanmazdan 2-3 sagat öň kabul edilip başlanýar. Başda 1 gerdejigi, soňundan her 3 sagatdan 1 gerdejikden kabul edip, günde 4-8 gerdejige ýetirilýär (her 4-6 sagatdan).

Ginipral gan basyşyň peselmegi, ýüregiň kadasyz urmagy, eliň barmaklarynyň titremegi, kelagyry, baş aýlanma ýaly ýaramaz täsirlere getirip bilýändigi üçin, şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda ony beta-mimetik (izoptin, fenoptin) derman serişdeleri bilen utgaşykda kabul etmek hem maslahat berilýär.

Ginipral diňe lukmanyň maslahatyndan soň, gözegçilik astynda kabul edilmelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.