GÖWRELILIKDE KOFE IÇMEK ZYÝANLYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilere kofe içgisini içmegiň zyýanlylygy ýa-da zyýansyzlygy babatda köp ýyllar lukmanlaryň arasynda dürli pikirli çekeleşmeler dowam edýär.

Kofe içgisiniň tarapdarlary onuň az mukdarynyň kabul edilmeginiň göwreliniň nerw ulgamyny tijendirip, şähdiaçyklyga, keýplilige getirýändigini belleseler, onuň garşydaşlary bu içginiň düzümindäki kofeiniň ösýän çagada az agramly dogma howpuny döredýändigini delil getirýärler. Galyberse-de, bu içginiň gan basyşy ýokarlandyrma häsiýetini göz öňüne tutup, onuň göwreliligiň üçünji ýarymynda ýaramaz täsirlere getirip biljekdigini hem belläp geçýärler.

Ýöne daniýaly alymlaryň köp ýylky geçiren gözegçilikleri, göwreli üçin irden 1-2 sany kiçijik çaşka kofe içgisini içmegiň howpsuz bolup durýandygyny anyklady. Ýeri gelende aýtsak, alymlar gök çaýyň hem kofeini saklaýandygyny we onuň köp mukdarda kabul edilmeginiň göwreli üçin ýaramly bolup bilmejekdigini belleýärler.

Aýdylanlardan dine bir netije çykaryp bolýar: göwrelilik dowri köfe içgisini az kabul  etme (1-2 kiçi çaşkajyk) rugsat berilsede, arassa çeşme suwuny, morslary, ir-iýmiş gaýnatmalary (kompot), miwe suwlaryny içmeklige ýykgyn edilse peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.