ENE SÜÝDÜNI KÖPELTMEGIŇ ÇÄRELERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (45 Ses)

Geçirlen barlaglar enäniň ene süýdi bilen iýmitlendirmegini üstünlikli geçirmegi üçin onuň isleginiň bolmagynyň, dogry iýmitlenmeginiň, çagany islegi boýunça emdirmegiň ýeterlikdigini belläp, bu babatda birnäçe peýdaly maslahatlary berýärler:

► Köpsanly geçirlen barlaglar, ene süýdüniň hiline onuň iýmitiniň düzüminiň täsiriniň bardygyny äşgär etdi. Ene süýdi bilen iýmitlendirme döwründe aýalyň iýmitiniň kuwwatlylygy adatdakysyndan 700-1000 kkal. ýokary bolmalydyr. Enäniň iýmitiniň düzümi 200 gr. etden (mal we guş eti, balyk), 1 litr süýtden ýa-da turşadylan süýtli önümlerden, 100-150 gr. dorogdan, 20-30 gr. peýnirden, 500-600 gr. gök önümlerden, 200-300 gr. ir-iýmişlerden ybarat bolmalydyr. Ýaglardan mesgäni (15-20 gr.) we ösümlik ýagyny (25-30 gr.) ulanma peýdaly bolup biler.

► Kabul edilýän suwuklygyň mukdary (çorbalar, süýt, gatyk, otlaryň we guradylan ir-iýmişleriň gaýnatmalary) bir gije-gündüzde 1,5-2 litr möçberine barabar bolmalydyr.

► Çagany ýygy-ýygydan emdirmäge çalyşmalydyr. Gijeki emdirmeleri hem göz öňüne tutup, bir gije-gündizde emdirmeleriň sany 12 gezege barabar bolmalydyr. Körpejäni her 2 sagatdan emdirmäge çalyşmalydyr we gündiz çaga 3 sagatdan artyk ýatýan bolsa, ony oýadyp emdirme maslahat berilýändir. Ýygy emdirmeler çaganyň iýmitlenmegi we onuň nerw ulgamynyň kämilleşmegi üçin wajypdyr. Ondan başga-da, süýdi emele getirýän prolaktin gormonynyň esasan hem gijeki sagatlar köp emele gelýändigini göz öňüne tutup, gijeki emdirmeleriň ene süýdi bilen emdirmekligi has uzak dowam etmäge kömek etjekdigini bellemelidir.

► Emdirmeden 30 min. öň süýtli çaý içmek maslahat berilýär.

► Emdirýän wagtyňyz başga gaýgy-aladalary ýatdan çykaryň we çagaňyz hem-de emdirme barada pikir ediň. Emdirýän wagtyňyz çagany sypalaň, ony mähirli gujaklaň.

► Emdirmezden öň hem-de soň göwsüňizi owkalaň. Bu süýdüň ýeňil bolünip çykmagyny ýeňilleşdirer. Şu maksat üçin göwüsleri suwuň aşagynda owkalama çäresini geçirme hem maslahat berilýär. Onuň üçin çagany emdirip, galan süýdi aýranyňyzdan soň (eger siz şeýle edýän bolsaňyz), emdiren göwsüňiziň üstüne duşdan gyzgyn suw (45 gradus) guýup, emziklerden ýokary we ýokardan aşak hereketli owkalamalary geçiriň. Owkalamalaryň dowamlylygy 5-10 min. bolup, bu çäreleri her gün, her süýt mäzleri üçin 2 gezekden geçirmelidir.

► Ukyňyzy almaga çalşyň. Ukynyň umumy dowamlylygy 9-10 sagada deň bolmalydyr we günde 2 sagat arassa howada gezelenç etmek peýdalydyr.

► Özüňizi artykmaç maslahatçylardan goraň. Diňe öz tejribelerine we duýgularyna esaslanyp, olar sizi özüňize bolan ynamlylygyňyzdan mahrum edip bilerler. Diňe öz duýgularyňyza we mümkinçilikleriňize daýanyň.

► Çagany arkaýyn emdirmäge päsgel berýän öý işleriňizi we aladalaryňyzy ýatdan çykaryň. Şeýle pursatda Siziň adamyňyzyň we ýakyn hossarlaryňyzyň kömegi, goldawy gerekli bolup durýandyr.

► Çaga bilen bir düşekde ýatyň. Ten galtaşygy süýdüň köp emele gelmegine ýardam berýändir.

► Süýdüň kadaly we ýeterlik emele gelmegi üçin, emdirýän eneler üçin niýetlenen witamin we mineral toplumlaryny saklaýan serişdeleri içmek maslahat berilýär. Şeýle hem bu niýet üçin öndürilýän, beloklar, witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrylan guragylan süýt önümleriniň (meselem, Femilak-2), biologiki işjeň goşundylarynyň (Laktogon, Apilak) peýdaly bolup biljekdigini bellemelidir. Süýdi köpeltmek häsiýeti bilen belli otlardan taýynlanan gaýnatmalary hem kabul etmegi maslahat berip bolar. Olar ýaly otlara we gök önümlere tozgany (oduwançik), çit-çite oty (krapiwa), şibiti (ukrop), ys ýakymy (duşisa), germesi (tmin), turpy, käşiri, germes badiýany (fenhel) we ans (anis) ösümligi degişli edip bolýandyr.

Süýdi köpeldýän içgileriň birnäçesiniň taýynlanşyny dykgatyňyza hödürleýäris:

Owradylan süýtli (gaýmakly) käşir – ýuwlan we gyrgyçdan geçirilen käşiriň üstüne süýdi ýa-da gaýmagy guýuň. Içilmeginden öň taýynlanyp, günde 2-3 gezek 1 stakandan kabul edilmelidir.

Taýynlamak üçin 3-4 nahar çemçe owradylan käşir, 1 stakan süýt ýa-da suwuk gaýmak (sliwki) gerek.

Germesli (tminli) gaýnatma – germesiň däneleriniň üstüne gyzgyn suw guýup we oňa arassalanan we kesilen limon bölejigini (ýa-da limon turşylygy) hem-de şekeri goşup, 5-10 min. gowşak otda gaýnadyň. Soňundan sowadyp, süzüň. Günde 3 gezek ýarym stakandan kabul etmelidir.

Taýynlamak üçin 15 gr. germesiň däneleri, 1 litr suw, 1 sany limon (ýa-da 2 gr. limon turşylygy), 100 gr. şeker gerekdir.

Anisiň nastoýkasy – anisiň çigitlerini gyzgyn suwda 1 sag. saklamalydyr. Sowadylan görnüşde günde 3-4 gezek, 2 nahar çemçeden kabul edilmelidir.

Ene süýdüniň mukdaryny we hilini ýaramazlaşdyryp biljek sebäpler:

→ Çagany bellenilen tertip bilen emdirme, gijeki emdirmeleri bes etmek;

→ Çaga goşmaça suwuklyk bermek, emzikleri, emzikli çüýşeleri bermek;

→ Enäniň ýadawlygy we dowamly stres ýagdaýy başdan geçirmegi;

→ Iýmitde uglewodlary (şeker, çörek, konditer önümleri) çenden artyk ulanma;

→ Emdirýän enä alkogol içgileri kabul etme we çilim çekmek. Alkogol we çilimdäki nikotin çaganyň nerw ulgamyny zeperlendirip, has agyr ýagdaýlarda çaganyň psihiki we fiziki taýdan ösüşinde bökdençlik döredip biler;

→ Şokolad, kofe, kakao, maňyzlar, bal, kömelekler, sitrus önümleri, balyk işbili ýaly önümleriň ene tarapyndan kabul edilmegi, çagada allergiki täsirliligi döredip biler. Sogan, sarymsak ýaly ýiti ysly önümleriň iýilmegi hem, ene süýdünde ýakymsyz ysyň döremegine getirip, çaganyň göwsi emmeginden ýüz döndürmeginiň sebäbi bolup bilýändir.