GÖWÜS MÄZLERIŇ ÇIŞMEGI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.31 (16 Ses)

Hormatly okyjy!

14-15 ýaşly oglanlarda jyns kämilligi döwri başlanda bedendäki estrogen gormonynyň täsiri bilen göwüs mäzleriniň, şol sanda emzikleriň biraz çişmegi, döş mäzinde agyrylaryň bolmagy syn edilip bilner. Gormonal üýtgeşmeleriň geçmegi we testosteron gormonynyň derejesiniň kadalaşmagy soňundan bu üýtgeşmeleri aradan aýyrýandyr. Ýumurtgajyklaryň işiniň bozulmalary, onuň howply täze döremeleri, käbir endokrin keselleri gormonal bozulmalara getirip, başga alamatlar bilen birlikde göwüs mäzleriniň ulalmagyna hem getirip biler.

Şonuň ýaly-da, beden agramynyň ýokarlanmagy, sport türgenleşiklerde myşsalary ösdürmek üçin gormonlaryň kabul edilmegi hem erkek adamlaryň döş mäzini ulaldyp biler.

Eger göwüs mäzleriniň emzikleriniň çişginliligi dowamly wagt saklanýan bolsa, sebäbi anyklamak üçin endokrinolog we androlog lukmanlarynyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.