ERKEK GÖWÜS MÄZLERINIŇ ULALMAGYNYŇ SEBÄBI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.82 (17 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň beýan eden ýagdaýyňyza lukmançylykda ýetginjeklik ginekomastiýasy diýilýär. Ginekomastiýa – bu erkek adamyň göwüs mäziniň ölçeginiň ulalmagydyr. Ol ölçegi boýunça kiçijekden uly aýalyň göwsi ýaly ölçege çenli ulalyp bilýär.

Hakyky ginekomastiýa – ýetginjekleriň jyns taýdan ýetişip başlan döwründe gabat gelýär. Bu döwürde jynsy gormonlaryň bölünip çykyş gatnaşygy bozulýar. Köplenç şu ýagdaý 12-14 ýaşly oglanlaryň 30%-de duş gelýär. Şu döwürde ginekomastiýa özbaşdak aýrylyp gidýär. Eger bu ýagdaý uzaga çekse, onda gijikdirmän lukmana ýüz tutma zerurdyr.

Ýalan ginekomastiýa gormonal bozulmalar bilen bagly bolman, semizlikde göwüs mäzlerinde artykmaç ýaglaryň ýygnanmagy sebäpli göwüs mäzleriň ölçegleri ulalýar. Bu ýagdaýa lipomastiýa diýilýär. Göwsi elläp göreňde ýumşak, agyrsyz, emzijekler aşak sallanan. Köplenç iki taraplaýyn bolýar, emma bir taraplaýyn görnüşi hem duşýar.

Ginekomastiýanyň döremeginiň sebäpleri

Köplenç iki gormonyň (testosteron – erkeklik gormony we estrogen – aýallyk gormon) deňagramlylygynyň bozulmagy şu keseliň döremegine sebäp bolýar.

Şu görnüşli bozulmanyň döremegine getirýän sebäpleriň 30-dan gowragy tapawutlandyrylsa hem, olaryň hemmesini 3 sany uly topara bölüp bolýar:

► Bedende aýallyk gormonyň agdyklyk etmegi.

► Erkeklik gormonyň mukdarynyň peselmegi.

► Käbir derman serişdeleriniň ulanylmagy.

Ginekomastiýany anyklamak üçin onkolog we endokrinolog lukmana ýüz tutup, gandaky gormonlaryň derňewini, göwüs mäzleriniň ultrases barlagyny geçirme zerurlygy döräp biler.

Şol sebäpden menden çaga bolmanam bilermi?

Eger siziň bedeniňizde aýallyk gormony – estrogen agdyklyk edip, erkeklik gormony testosteronyň mukdary pes bolsa, onda çagaňyz galman hem biler. Has takyk jogaby Size endokrinolog lukmany ganyň gormonlara derňewini barlap aýdyp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.