BU IMPOTENSIÝANYŇ ALAMATYMYKA?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.29 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşygy geçirmäge bolan ukyplylygyňyz (ujydyň gönelmegi)  Sizde gowşaklygyň (impotensiýanyň) ýoklugyndan habar berýär.

Seksologlaryň bellemegine görä, tamamlanan jynsy gatnaşykdan soň, belli bir wagtyň dowamynda gatnaşygy täzeden başlap bilmezlik häsiýeti kadaly ýagdaý hasaplanýar.

Döli dökmäniň çaltlaşmagy (wagtyndan öň bolýan eýakulýasiýa) bolsa dürli sebäplere görä ýüze çykyp biler. Onuň sebäplerini takyklamak üçin barlag geçirmek wajypdyr.

Sizi gyzyklandyrýan soraglara has doly jogap almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşygy ajadýan ýene bir sebäp", "Jynsy gowşaklyk" atly makalalary okamagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, Lukman.