UJYDY ULALTMAGYŇ ÇÄRELERI BARMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (35 Ses)

Hormatly okyjy!

Ujydy ösdürmek üçin lukmançylykda birnäçe usullar ulanylyp, adamyň umumy ýagdaýyna, endokrin ulgamyň işjeňligine, ujydyň ilkibaşdaky ululygyna baglylykda olary diňe lukman maslahat berip biler (!).

Iň köp ulanylýan usullardan aşakdakylary belläp bolar: 

1. Testosteron gormonynyň peselmegi bilen geçýän endokrin näsazlyklary aradan aýryp, gormon sanjymlary we melhemleri ulanmak. Bejergini we gözegçiligi endokrinolog lukmany amala aşyrmalydyr.

2. Ýörite ekstendor abzalynyň kömegi bilen ujydy uzynlygyna we ýogynlygyna ulaltmak.

Ekstendor ujydyň uzak wagtlap çekilmesini amala aşyrýan ýörite abzal bolup, ony hemişe geýip gezmek zerurlygy ýokdur. Bir günüň dowamynda ony arakesmeler bilen geýip gezmek hem bejerginiň netijeliligine hiç hili täsir edip bilmeýär. Siziň islegiňiz bolsa ony geýip ýatmak hem bolar.

Ekstendorlar peşew bölünip çykma ýagdaýyna, seksual işjeňliginiň derejesine hiç hili täsirini ýetirmeýär. Kadaly ulanylanda, bu usuly ulanan adamlarda 2-3 aýdan ujydyň ortaça 20-25% ulalandygy bellenildi. 

3. Ujydy ulaltmak maksady bilen kosmetologiýa hirurgiýasynda esasan iki usul ulanylýar: 

Hirurgiki usullaryň hem öz ýetmezçilikleri we gaýraüzülmeleri bolup, urolog lukmanlaryň maslahatyny almak hökmandyr. 

Ujyd juda ynjyk we duýujy agza bolup, ony ulaltmak babatda çäreleri başlamazdan öň çynlakaý pikirleniň. Eger ol kadaly ölçegde we kadaly "işleýän" bolsa, belki bu çäreleriň geregi hem ýokdur?!

Hormat bilen, saýtyň lukmany.