ŞEÝLE ÝAGDAÝ ÝÜZE ÇYKYP BILERMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň aýdýan alamatlaryňyz jynsy gowşaklygyň ýüze çykanlygyndan habar berýär. Siz hatyňyzda "käbir sebäplere görä", diýen jümläni ulanypsyňyz? Ol nähili sebäpler?

Jynsy gowşaklyk dürli keselleriň döremegi we psihogen bozulmalar (nerw dartgynlylyk, aýala bolan garaýşyň, duýgynyň üýtgemegi) netijesinde ýüze çykyp, onuň bejergisinde her erkek adamyň ýaşyna, beden aýratynlyklaryna, seksual işjeňligine üns bermelidir. Jynsy gowşaklygyň sebäbini anyklap, Siziň ýagdaýyňyza görä bejergi çäreleri almak üçin seksopatolog lukmanlara ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris. Bu babatda doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.